Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

mustafahacalaki/DigitalVision Vectors via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Emeli aň peýdalymy ýa-da zyýanly? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Emeli aň peýdalymy ýa-da zyýanly? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Ýaňy-ýakynda käbir ýurtlaryň baştutanlary, alymlar we tehnologiýa hünärmenleri emeli aňyň peýdasy hakda gürrüň berdiler. Ýöne emeli aň nädogry ulanylsa, köp zyýan ýetirip biljekdigini hem aýtdylar.

  •    «Emeli aň adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrjak häzirki zaman tehnologiýalaryň iň güýçlüsi hasaplanýar... Emma ol howpsuzlyga, raýatlaryň hak-hukuklaryna, şahsy maglumatlaryna hem uly zyýan ýetirip biler. Şeýle-de halkyň hemmetaraplaýyn erkin boljagyna ynamyny gaçyryp biler» (ABŞ-nyň prezidentiniň orunbasary Kamala Harris, 4-nji maý, 2023).

  •    «Emeli aň saglygy goramak babatda köp peýda berjek ýaly görünse-de, ol adamy aň taýdan kesel edip biler» (Frederik Federspeliň ýolbaşçylygyndaky halkara lukmanlar we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenler toparynyň ýazan makalasy, «BMJ Global Health» žurnaly, 9-njy maý, 2023) a.

  •    «Emeli aň arkaly eýýäm ýalan maglumatlary ýaýradyp başlapdyrlar. Tizden ol köp adamy işsiz goýmagy mümkin. Gelejekde bolsa, käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, emeli aň bütin adamzada zyýan ýetirip biler» («The New York Times» gazeti, 1-nji maý, 2023).

 Emeli aňyň adamlara peýda ýa-da zyýan berjegini wagt görkezer. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Adamlaryň döredýän zatlary näme üçin zyýan ýetirip biler?

 Adamlaryň döreden zatlary hemişe peýdaly işler üçin ulanylmaýar. Mukaddes Kitapda munuň sebäbi düşündirilýär.

  1.  1. Adamyň niýeti gowy bolsa-da, edýän işleriniň erbet netije berip biljegini öňünden bilmeýär.

    •    «Ýol bardyr, adama dogry görünýär, emma soňy ölüme eltýär» (Nakyllar 14:12).

  2.  2. Adam ýasan zadyny başgalaryň nädip ulanjakdygyna gözegçilik edip bilmeýär.

    •    «Mal-mülküm menden soňky adama galar. Onuň akmak ýa-da akylly boljagyny kim biler? Meniň gök astynda der döküp, akyldarlyk bilen eden işlerim onuň eline geçer» (Nesihat 2:18, 19).

 Şu ýagdaýlardan görnüşi ýaly, bize Ýaradyjymyzyň görkezmesi gerek.

Biz nämä ynamly bolup bileris?

 Ýeri-gögi ýaradan Alla hiç kimiň ýa-da hiç zadyň ýeri we adamzady ýok etmegine ýol bermejekdigini söz berýär.

  •    «Ýer ebedi durar» (Nesihat 1:4)

  •    «Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).

 Allatagala Mukaddes Kitap arkaly parahat hem howpsuz durmuşa nädip ýetmelidigini öwredýär. Köpräk bilmek üçin, «Gowy durmuşyň boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris?» we «Ýagty gelejege umyt» diýen makalalary okaň.

a Frederik Federspil, Rut Mitçell, Aşa Asokan, Karlos Umana we Deýwid Makkoýyň «Threats by Artificial Intelligence to Human Health and Human Existence» atly makalasyndan.