Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Dünýä bazarlarynda gymmatçylyk. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Dünýä bazarlarynda gymmatçylyk. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylyň iýun aýynda Bütindünýä bankynyň başlygy şeýle habar berdi: «Dünýäniň ykdysady ýagdaýy gün-günden pese düşüp barýar. Harytlar, adamlaryň hyzmat haklary gitdigiçe gymmatlaýar, halkyň aýlygy bolsa hiç zada ýetmeýär».

 Halkara pul fondunyň aýtmagyna görä, «hatda garyp ýurtlarda-da ýangyç we azyk önümleri birden gymmatlady».

 Mukaddes Kitapda bahalaryň näme üçin galýandygy, günüňi görmek üçin näme etmelidigi we tizden gymmatçylygyň bolmajakdygy aýdylýar.

«Soňky günlerde» bahalaryň galmagy

  •   Hudaýyň Sözünde biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1).

  •   Isa pygamber dünýäniň soňunda «gorkunç zatlaryň» boljakdygyny aýdypdy (Luka 21:11). Dogrudanam, häzir zatlaryň gün-günden gymmatlaýandygy üçin adamlar günümi nädip görerin, maşgalamy nädip eklärin diýip alada edýär.

  •   Ylham kitabynda-da dünýäniň soňunda zatlaryň bahasynyň galjakdygy aýdyldy. Onda şeýle diýilýär: «„Bir golça bugdaý bir teňňedir (bir günlük iş hakydyr), üç golça arpa hem bir teňňedir...“ diýen ses eşitdim» (Ylham 6:6, çykgyt).

 «Soňky günleriň» alamatlary we Ylham kitabyndaky şu pygamberlik hakda köpräk bilmek üçin «1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy» atly wideony görüň hem-de «Dört atly nämäni aňladýar?» diýen makalany okaň.

Gytçylyk, gymmatçylyk bolmaz

  •   «Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler» (Işaýa 65:21, 22).

  •   «Ýer ýüzünde galla köp bolar, daglaryň depesine çenli ýeter» (Zebur 72:16).

  •   «Ýehowa diýýär: „Ejizler ezilýär, garyplar ahy-nala edýär. Men aýaga galaryn!“» (Zebur 12:5) a.

 Tizden Allatagala dünýäniň ykdysady ýagdaýyny düzeder. Ol diňe bir ýurtda däl, bütin ýer ýüzünde bolçulyk bolar ýaly eder. Köpräk bilmek üçin «Ykdysady taýdan deňlik bolarmy?» atly makalany okaň.

 Şu günler zatlaryň bahasy galsa-da, Mukaddes Kitapda puly tygşytly sowmak, günüňi görmek hakda peýdaly maslahatlar berilýär (Nakyllar 23:4, 5; Nesihat 7:12). Köpräk bilmek isleseňiz, «Tygşytly boluň» we «Nädip ýetirinmeli?» diýen makalalary okaň.

a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady (Zebur 83:18).