Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

YURI LASHOV/AFP via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Isanyň şägirtleri we uruşlar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Isanyň şägirtleri we uruşlar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Ukrainadaky ýagdaýdan köp hristian dini ýolbaşçylaryň uruşlary goldaýandygy görünýär. Geliň, dini ýolbaşçylaryň uruşlary nädip goldaýandygyny bileliň:

  •   2022-nji ýylyň 16-njy martynda çykan bir gazetde şeýle habar berildi: «Ukrainanyň Prawoslaw buthanasynyň ýolbaşçysy Epifan I şeýle diýdi: „Watanymyzy duşmanlardan goramak biziň mukaddes borjumyz... Biz esgerlerimiz üçin gije-gündiz doga ederis, olaryň ýeňiş gazanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys!“» («Jerusalem Post»).

  •   Russiýanyň ady belli Prawoslaw buthanasynyň uly ruhanysy rus esgerlerini ýurduny goramaga höweslendirip şeýle diýdi: «Hiç kim Ukrainadan harby goşuny çykaryp bilmeýär, muny diňe Russiýa başarýar» («Reuters» habarlar saýty, 3-nji aprel, 2022).

 Isa pygamberiň şägirtleri urşa gatnaşsa bolýarmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň hakyky şägirtleriniň uruşlara goşulmaýandygy aýdylýar.

  •    «Gylyjyňy gynyna sal, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler» (Matta 26:52).

     Urşy goldaýan ýa-da oňa gatnaşýan adamlara Isanyň hakyky şägirdi diýse bolarmy?

  •    «Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35).

     Isanyň şu sözlerine görä, başgalary söýýän adam uruşlary goldap, olara gatnaşarmy?

 Köpräk bilmek üçin «Isanyň şägirtleri uruşsa bolýarmy?» atly makalany okaň.

Isanyň şägirtleri we uruşlar

 Isanyň şägirtleri uruşlary goldaman bilermi?! Elbetde, şu «soňky günlerde» her dürli milletden bolan adamlar Isa pygamberiň tabşyrygyna eýerýärler. Mukaddes Kitapda: «Olar... söweşmegi öwrenmezler» diýilýär (Işaýa 2:2, 4).

 Tizden parahatlyk Hudaýy Ýehowa a gökdäki Patyşalygy arkaly halkyny «zorluk-sütemden gutarar» (Filipililer 4:9; Zebur 72:14).

a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady (Zebur 83:18).