Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çep: Olena Yefremkina/stock.adobe.com; center: lunamarina/stock.adobe.com; sag: Rido/stock.adobe.com

OÝA BOLUŇ!

Kime bil baglasa bolýar? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Kime bil baglasa bolýar? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Adamlar ynanyp ýören adamlary tamasyny ödemese köplenç ruhdan düşýärler. Köp adamlar bolsa...

  •    syýasy ýolbaşçylara ynanmaýarlar, sebäbi syýasy ýolbaşçylar halkyň däl-de, diňe öz bähbidini gözleýärler.

  •    täzeliklerde we habarlarda aýdylýan zatlara ynanmaýarlar, sebäbi olaryň köpüsi nädogry.

  •    alymlara ynanmaýarlar, sebäbi olar adamlara gowusy bolsun diýmeýärler.

  •    dini ýolbaşçylara ynanmaýarlar, sebäbi olar adamlara Hudaý barada öwretmän, syýasata goşulýarlar.

 Adamlar kime bil baglasa-da, seresap bolmaly. Mukaddes Kitapda hem şeýle duýduryş berilýär:

  •    «Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez» (Zebur 146:3).

Kime ynansa bolýar?

  Mukaddes Kitapda adamlaryň tamasyny doly ödeýän biriniň bardygy aýdylýar. Ol Isa Mesih. Köp adamlar ony gadymy döwürde ýaşan pygamber hökmünde tanaýarlar. Ýöne Isa Allatagalanyň bellän patyşasy, onuň «Patyşalygynyň soňy» ýok (Luka 1:32, 33). Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy, ol häzir gökde höküm sürýär (Matta 6:10).