Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

6 million adamyň ölümi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

6 million adamyň ölümi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli koronawirus (COVID-19) keselinden 6, 27 million adam aradan çykdy. Ýöne 2022-nji ýylyň 5-nji maýynda gelen hasabatda bolsa, BSGG-niň koronawirusdan has köp adamyň ölendigini habar berendigi aýdyldy. Şol hasabatda: «2020—2021-nji ýyllarda diňe koronawirusdan ölenler 14, 9 milliona ýetdi» diýilýär. Mukaddes Kitapda heniz şeýle görlüp-eşidilmedik ölüm-ýitim hakda näme diýilýär?

Ýokanç keseller

  •   Isa pygamber dünýäniň soňunda ölüm howply keselleriň ýaýrajakdygyny, ýagny «gyrgynçylygyň boljakdygyny» aýtdy (Luka 21:11; 2 Timoteos 3:1).

 Şu günler Isanyň aýdan sözleri ýerine ýetýär. Bu barada köpräk bilmek üçin, «„Dünýäniň soňunda“ nämeler bolar?» diýen makalany okaň.

Keseliň dermany

 Mukaddes Kitapda dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlara göwünlik berýän sözler ýazylan. Köpräk bilmek üçin, «Hasrat çekip ýörme. Eliňde baryny et», «Ýas tutýanlara göwünlik beriň» diýen makalalary okaň.

Keselçiligiň soňy

  •   «Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!» (Matta 6:10).

 Mukaddes Kitapda «Hudaýyň Patyşalygynda „hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» diýilýär (Markus 1:14, 15; Işaýa 33:24). Patyşalygyň nämeleri etjekdigi hakda köpräk bilmek üçin, «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.

 Özüňize we maşgalaňyza peýda berjek Mukaddes Kitapdaky maslahatlar we Hudaýyň ajaýyp wadalary hakda köpräk biliň.