Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Mekdepdäki atyşyk. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Mekdepdäki atyşyk. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylyň 24-nji maýynda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Uwalde şäherindäki bir orta mekdepde atyşyk boldy. Gazetde habar berilmegine görä, «bir jenaýatçy 19 okuwçyny, 2 mugallymy atyp öldürdi» («The New York Times»).

 Gynansagam, şu günler şeýle pajygaly wakalar köp bolýar. Bir gazetde: «1970-nji ýyldan bäri, ABŞ-nyň mekdeplerinde köp atyşyk boldy. Ýöne şu ýylky atyşyk öňki ýyllara garanyňda iki esse köp boldy. Şu ýyl jemi 249 atyşyk boldy» diýlip habar berildi («USA Today»).

 Zalymlyk näme üçin köp bolýar? Zalymlyga nädip döz gelip bileris? Haçanam bolsa zalymlyk gutararmy? Mukaddes Kitap şu soraglara jogap berýär.

Zalymlyk näme üçin köp bolýar?

 Köp adamlar: «Hudaý näme üçin bigünä çagajyklary goranok?» diýýär. Mukaddes Kitapdan şu soragyň jogabyny bilmek isleseňiz, «Gowy adamlar näme üçin kösenýär?» diýen makalany okap bilersiňiz.

Zalymlyga nädip döz gelip bileris?

  •   «Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy. Olar umyt... we göwünlik berýär» (Rimliler 15:4).

 Mukaddes Kitapda zalymlyga döz gelmäge kömek edýän maslahatlar bar. «Oýanyň!» žurnalyndan «Erbetligiň soňy gelermi?» diýen makalany okap görüň.

 «Çagalaryňyzy gorkunç habarlardan goraň» diýen makalada ene-atalara çagalaryna gorkmazlyga kömek eder ýaly maslahatlar ýazylan.

Haçanam bolsa zalymlyk gutararmy?

  •   «Olary zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:14).

  •   «Naýzalaryndan oraklar ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» (Mikaý 4:3).

 Hudaý adamlaryň şu wagta çenli başarmadyk zadyny eder. Ol Patyşalygy arkaly uruş ýaraglaryny ýok edip, jenaýatçylygy we zalymlygy köki bilen aýrar. Hudaýyň etjek işleri hakda köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygynda parahatlyk bolar» diýen makalany okaň.