Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

kovop58/stock.adobe.com

OÝA BOLUŇ!

Olimpiýa oýunlary adamlary agzybir edýärmi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Olimpiýa oýunlary adamlary agzybir edýärmi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2024-nji ýylyň tomsunda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna 206 ýurtdan türgenler gatnaşýar. Olara takmynan 5 milliard adam tomaşa eder. Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah şeýle diýdi: «Biziň ählimiz biri-birimizden tapawutlanýarys. Ýöne şu çäre bütin dünýädäki adamlara agzybir bolmaga kömek eder... Geliň, şonuň üçin, parahatlygy berkidýän Olimpiýa oýunlaryny goldalyň».

 Olimpiýa oýunlary adamlary hakykatdanam agzybir edip bilýärmi? Adamlar haçan agzybir hem parahat ýaşar?

Agzybir edýän çäremi?

 Şu ýylky Olimpiada diňe sport oýunlary bilen çäklenmedi. Çärede deňsizlik, milletparazlyk, adalatsyzlyk, dini we syýasy düşünişmezlikler sebäpli dawa-jenjel turdy.

 Olimpiýa ýaly halkara sport ýaryşlary adamlaryň göwnüni açýar. Emma şeýle çäreler biri-birinden tapawutlanýan adamlary agzala-da edýär. Olar parahat ýaşamagyň deregine, biri-birini kemsidip oňuşmaýarlar.

 Şu günler adamlar käbir erbet häsiýetleri sebäpli agzybirligi saklap bilmeýär. Mukaddes Kitapda bu barada öňünden aýdyldy (2 Timoteos 3:1—5). Şol pygamberlik barada köpräk bilmek üçin «Adamlar zalymlaşýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?» atly makalany okap bilersiňiz.

Bütin dünýäde agzybirlik bolar!

 Biz bütin dünýäde agzybirligiň we parahatlygyň boljakdygyna umyt edip bilýäris. Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygynyň ähli adamlary agzybir etjekdigi aýdylýar (Luka 4:43; Matta 6:10).

 Şol Patyşalygyň patyşasy Isa Mesih ýeriň dört künjeginde parahatlygy dikelder. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

  •   «Dogruçyllar döwran sürsün... parahatlyk höküm sürsün» (Zebur 72:7).

  •   «Ol perýat edýän garyby... zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:12, 14).

 Isa pygamberiň öwreden zatlaryna eýerýän adamlar häzirden agzybir ýaşaýarlar. 239 ýurtdaky Ýehowanyň Şaýatlary biri-biri bilen parahat ýaşamagy öwrendiler. Bu barada köpräk bilmek üçin «Ýigrenji nädip köki bilen sogurmaly?» atly «Garawul diňi» žurnalyny okap görüň.