Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Rui Almeida Fotografia/Moment via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Syýasy dawalar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Syýasy dawalar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Bütin dünýäde syýasy dawalar gitdigiçe köpelýär.

  •    2023—2024-nji ýyllarda saýlaw döwri Meksikada 39 sany dalaşgär öldürildi. Gozgalaňlaryň, zorluk-sütemleriň öňkä garanyňda köp bolmagy adamlary gorka saldy.

  •    Ýaňy-ýakynda Ýewropada köp syýasy dawalar boldy. 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Slowakiýanyň premýer-ministrini öldürjek boldular.

  •    2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ikinji gezek ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň janyna kast etjek boldular. Halk bu habary eşidip aňk-taňk boldy.

 Näme üçin syýasy dawalar, zorluk-sütem köp bolýar? Bu zatlaryň soňy gelermi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapdaky pygamberlik

 Mukaddes Kitapda soňky günlerde köp adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşjegi aýdylýar. Şol sebäpli dawa-jenjel we zorluk-sütem edýänler köpelýär.

  •    «Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar... gadyr bilmez, biwepa... eglişik etmeýän, töhmet atýan... zalym... dönük, özdiýenli, ulumsy... bolar» (2 Timoteos 3:1—5).

 Mundan başga-da Mukaddes Kitapda soňky günlerde adamlaryň hökümete garşy çykjagy, syýasy dawa-jenjelleriň boljagy pygamberlik edildi (Luka 21:9). Ýöne bu zatlar uzak wagt dowam etmez.

Syýasy dawalaryň soňuna çykylar

 Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygynyň ynsan hökümetlerini ýok edip, ýer ýüzüniň üstünden höküm sürjekdigi aýdylýar.

  •    «Gögüň Hudaýy... bir patyşalygy döreder. Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44).

 Hudaýyň Patyşalygy adamlary agzybir eder, bütin ýer ýüzünde parahatlygy dikelder.

  •    Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesihe «Parahatlyk şazadasy» diýilýär. Isa höküm sürende hemişe parahatlyk bolar (Işaýa 9:6, 7).

  •    Hudaýa gulak asýan adamlar häzirden agzybir ýaşamagy öwrenýärler. Mukaddes Kitapda: «Olar gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, indi söweşmegi öwrenmezler» diýilýär (Işaýa 2:3, 4).

 Köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?» atly makalany okaň we «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.