Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TheCrimsonMonkey/E+ via Getty Images

Tebigata ýetirilýän zyýan. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Tebigata ýetirilýän zyýan. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

 «Howanyň düýpgöter üýtgemegi adamlaryň we janly-jandarlaryň ýaşaýşyny kynlaşdyrýar. Apy-tupanlar öňküden hasam güýçlenýär. Olar adamlaryň öýlerini ýer bilen ýegsan edip, bütin emläginden mahrum edýär. Ummanlaryň gyzmagy netijesinde ondaky janly-jandarlaryň käbirine ýitmek howpy abanýar» (Birleşen Milletler Guramasynyň baş kätibiniň orunbasary we BMG-nyň tebigat goraýyş çäresini ýerine ýetiriji müdiri Inger Andersen, 25-nji iýul, 2023).

 Syýasy ýolbaşçylar tebigata ýetirilýän zyýany agzybirlikde çözerlermi? Olar muny başararmy?

 Mukaddes Kitapda tebigata ýetirilýän zyýany bütinleý aýryp bilýän ýeke-täk Patyşalyk barada aýdylýar. «Gögüň Hudaýy... bir patyşalygy döredip», ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary çözer (Danyýar 2:44). Hudaýyň hökümdarlygynyň golastynda adamlar biri-birine we tebigata «hiç hili zyýan ýetirmez» (Işaýa 11:9).