Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

sinceLF/E+ via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Uruşdan ejir çekýän adamlaryň dadyna kim ýetişer? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Uruşdan ejir çekýän adamlaryň dadyna kim ýetişer? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Birleşen Milletler Guramasynyň hasabaty:

  •   2023-nji ýylyň 7—23 oktýabr aralygynda Gaza bilen Ysraýylyň arasyndaky uruş sebäpli 6 400 adam heläk boldy, 15 200 sanysy bolsa agyr ýaralandy. Olaryň köpüsi parahat oturan raýatlardy. Ilatyň ýüz müňlerçesi bolsa öýlerini taşlap gaçmaly boldy.

  •   2023-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş sebäpli Ukrainada 9 701 adam heläk boldy, 17 748 adam bolsa agyr ýaralandy.

 Mukaddes Kitapda uruşdan ejir çekenler üçin nähili umyt bar?

Ýagty gelejege umyt

 Mukaddes Kitapda Hudaýyň tizden «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtatjakdygy» aýdylýar (Zebur 46:9). Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetlerini ýok eder (Danyýar 2:44). Ol bütin adamzada parahatlyk berer.

 Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesih şu zatlary eder:

  •   «Ol perýat edýän garyby, hossarsyz mätäji halas eder. Garyp-gasara rehim eder, mätäjiň janyny halas eder. Olary zorluk-sütemden gutarar» (Zebur 72:12—14).

 Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly uruşlaryň we zalymlygyň ýetiren zyýanyny doly aýrar, adamlaryň ýürek ýaralaryny bitirer.

  •   «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:4).

 Hudaýyň Patyşalygy tizden ýer ýüzünde uly özgerişlik eder. Mukaddes Kitapda «uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşitjekdigimiz» öňünden aýdylypdy (Matta 24:6). Şu bolýan zatlar biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy subut edýär (2 Timoteos 3:1).