Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

hadynyah/E+ via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Uruşlar we howanyň üýtgemegi iýmit ýetmezçiligini artdyrdy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Uruşlar we howanyň üýtgemegi iýmit ýetmezçiligini artdyrdy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Ukrainadaky uruş we howanyň üýtgemegi sebäpli bütin dünýäde azyk önümleriniň azalmagy dowam edýär. Esasanam, ykdysady taýdan pes ýurtlarda adamlar iýmit ýetmezçiliginden kösenýär.

  •    «Uruşlar, howanyň üýtgemegi, toguň gymmatlamagy we başga-da köp ýagdaýlar azyk harytlarynyň önümçiligini we elýeterliligini gowşatdy» (BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, 17-nji iýul, 2023).

  •    «Hünärmenler Russiýanyň Ukrainadan bugdaý almagyny bes etmegi bütindünýä iýmit ýetmezçiligini has-da artdyrar we Gündogar ýurtlarynda, Demirgazyk Afrikada azyk harytlarynyň gymmatlamagyna getirer diýip çaklaýar» (Atalayar.com, 23-nji iýul, 2023).

 Iýmit ýetmezçiligi we adamlaryň gelejegi hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini biliň.

Iýmit ýetmezçiligiň boljakdygy öňünden aýdyldy

  •    Isa pygamber şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar, käbir ýerlerde açlyk... bolar» (Matta 24:7).

  •    Ylham kitabynda dört sany atly hakda aýdylýar. Atlylaryň biri uruşlary aňladýar. Onuň yzyndan açlyk getirýän, ýagny iýmitiň gaty az hem gymmat boljak döwri aňladýan atly gelýär. Ylham kitabynda bu barada şeýle diýilýär: «Şonda gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy... „Bir golça bugdaý bir teňňedir, üç golça arpa hem bir teňňedir“ diýen ses eşitdim» (Ylham 6:5, 6).

 Mukaddes Kitapda iýmit ýetmezçiligi baradaky aýdylan pygamberlik şu günler ýerine ýetýär we oňa «soňky günler» diýilýär (2 Timoteos 3:1). «Soňky günler» we Ylham kitabynda aýdylýan dört atly barada köpräk bilmek üçin «1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy» atly wideony görüň we «Dört atly nämäni aňladýar?» diýen makalany okaň.

Mukaddes Kitap nädip kömek edýär?

  •    Mukaddes Kitapda kyn ýagdaýlara, şol sanda iýmit ýetmezçiligine we açlyga döz gelmäge kömek edýän peýdaly maslahatlar bar. Olaryň käbiri hakda «Tygşytly ýaşamak üçin näme etmeli?» diýen makaladan okap bilersiňiz.

  •    Mundan başga-da Mukaddes Kitapda ýagty gelejege umyt berilýär. Onda gelejekde ýer ýüzünde gallanyň köp boljakdygy we hiç kimiň açlykdan kösenmejekdigi hakda aýdylýar (Zebur 72:16). Mukaddes Kitapda aýdylýan umyt we oňa näme üçin ynanyp bolýandygy barada köpräk bilmek üçin «Ýagty gelejege umyt» diýen makalany okap bilersiňiz.