Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Chris McGrath/Getty Images

Uruşlar. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Uruşlar. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

 Bütin dünýäde adamlara ajy hasrat çekdirýän uruşlar dowam edýär. Aşakdaky maglumatlara üns beriň:

  •   «Geçen ýyl uruşlarda, esasanam, Efiopiýa bilen Ukarinada bolan uruşda ölen adamlaryň sany iň ýokary derejä ýetdi. 1994-nji ýyldan bäri uruş sebäpli bir ýylda şonça köp adam ölmändi» (Oslonyň dünýädäki dawalary çözmek hakda barlag geçirýän instituty, 7-nji iýun, 2023).

  •   «Ukrainda bolan uruş 2022-nji ýylda bütin dünýäde bolan pajygaly uruşlaryň diňe biridi. Geçen ýyla garanyňda syýasy dawalar 27 göterim artdy. Şeýlelikde, 1 milliard 700 million adam zyýan çekdi» (Uruşlar barada maglumat ýygnaýan gurama, 8-nji fewral, 2023).

 Mukaddes Kitapda ýagty gelejege umyt berilýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder» (Danyýar 2:44). Hudaýyň Patyşalygy «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).