Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Photo by Zhai Yujia/China News Service/VCG via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Siller köp ýerleri weýran etdi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Siller köp ýerleri weýran etdi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Bütin dünýäde köp adamlar güýçli gelýän siller sebäpli ejir çekýärler. Aşakda käbir hasabatlar getirilen:

  •    «Birnäçe gün mundan öň şenbe bilen çarşenbe günleri aralygynda Hytaýyň paýtagtynda soňky 140 ýylyň içinde görlüp-eşidilmedik güýçli çabga ýagdy. Şäheri suw-sil aldy, suw ýerden 74.48 santimetr ýokary galdy» (AP News, 2-nji awgust, 2023).

  •    «Hanun harasady sebäpli Ýaponiýanyň günortasynda güýçli ýagyş ýagdy we gorkunç ýel turdy, azyndan iki adam aradan çykdy. Harasadyň netijesinde Taýwanyň daglyk ýerlerinde hem ýerden takmynan 60 santimetre ýokary galjak güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar» (Deutsche Welle, 3-nji awgust, 2023).

  •    «Kanadanyň Täze Şotlandiýa ýarym adasynda soňky 50 ýylyň içinde bolmadyk örän güýçli ýagyş ýagyp sil geldi» (BBC News, 24-nji iýul, 2023).

 Şeýle harasatlar barada Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

«Soňky günleriň» alamaty

 Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1). Isa pygamber biziň günlerimizde «gorkunç zatlaryň» boljakdygyny pygamberlik etdi (Luka 21:11). Howanyň üýtgemegi bilen harasatlar öňkülere garanyňda has-da ýygy-ýygydan bolýar we garaşylmadyk wagtda döreýär.

Ýagty gelejege umyt

 Mukaddes Kitaba görä, ýer ýüzünde bolýan gorkunç wakalar tizden gowy durmuşyň boljakdygyny görkezýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Şu zatlary göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny biliň» (Luka 21:31; Matta 24:3).

 Tizden Hudaýyň Patyşalygy tebigy hadysalara doly gözegçilik eder we hiç ýerini suw almaz (Eýýup 36:27, 28; Zebur 107:29).

 Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni nädip bagy-bossanlyga öwürjekdigi barada köpräk bilmek üçin «Adamlar ýer ýüzüni dargatmaz» diýen makalany okaň.