Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýanwar 25—31

EZRA 6—10

Ýanwar 25—31
  • 10-njy aýdym we doga

  • Giriş sözler (3 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

  • «Ýehowa gullukçylarynyň Oňa ýürekden hyzmat etmeklerini isleýär» (10 min.)

    • Ez 7:10. Ezra ýüregini taýýarlaýar.

    • Ez 7:12—28. Ezra Iýerusalime dolanmak üçin taýýarlyk görýär.

    • Ez 8:21—23. Ezra Ýehowanyň öz gullukçylaryny gorajakdygyna ynanýar.

  • Ruhy dürdäneleri agtaryň (8 min.)

    • Ez 9:1, 2. Özge milletler bilen durmuş gurmaklyk nähili kynçylyklara eltip bilerdi? (w06-U 15/1 sah. 20, abz. 1).

    • Ez 10:3. Näme üçin aýallar bilen bilelikde olaryň çagalaryny hem kowýarlar? (w06-U 15/1 sah. 20, abz. 2).

    • Men şu hepdede meýilnama boýunça okalýan aýatlardan Ýehowa barada näme öwrendim?

    • Men öwrenen zatlarymy wagyzda nädip ulanyp bilerin?

  • Mukaddes Ýazgylary okamak: Ez 7:18—28 (4 min. ýa-da ondan az)

WAGYZ ETMEK UKYBYŇYZY ARTDYRYŇ

  • Ilkinji gürrüňdeşlik (2 min. ýa-da ondan az). «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuranyň 8-nji sapagyna (sorag 1, abzas 1) esaslanyp pikir alşyň we ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.

  • Ikilenç ideg (4 min. ýa-da ondan az). Bir sahna taýýarlaň. Wagyzçy öň gyzyklanan adama «Hudaýyň hoş habary» atly broşýurany hödür edipdi. Indi bolsa ony ideýär. Ol broşýuranyň 8-nji sapagyna (sorag 1, abzas 2) esaslanyp pikir alyşýar. Soňra ýene-de görüşmek üçin wagt belleşýär.

  • Mukaddes Ýazgylar okuwy (6 min. ýa-da ondan az). «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuranyň 8-nji sapagyna (sorag 2) esaslanyp Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkeziň.

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK