Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZRA 6—10

Ýehowa gullukçylarynyň Oňa ýürekden hyzmat etmeklerini isleýär

Ýehowa gullukçylarynyň Oňa ýürekden hyzmat etmeklerini isleýär

Ezra halkyň Iýerusalime dolanmagy üçin taýýarlyk görýär

7:6, 22; 8:26, 27

  • Ezra Iýerusalime dolanyp, Ýehowa edilýän seždäni dikeltmek üçin Artakserks patyşadan rugsat alýar

  • Patyşa Ezranyň haýyşyny ýerine ýetirýär. Ol Ýehowanyň öýi üçin altyn, kümüş, bugdaý, şerap, zeýtun ýagy we duz berýär. Häzirki pulda olaryň bahasy 100 million dollardan hem geçýär

Ezra Ýehowanyň öz gullukçylaryny gorajakdygyna ynanýardy

7:13; 8:21—23

  • Iýerusalime dolanmak aňsat bolmaýar

  • Ysraýyllylar watanyna dolanmak üçin howply ýerlerden ýöräp, 1 600 km ýol geçen bolmaly

  • Olar 4 aýa golaý ýöremeli boldular

  • Olara watanyna dolanyp, hakyky seždäni dikeltmek üçin berk iman we batyrgaýlyk gerekdi

EZRANYŇ ÝANYNDA . . .

Agramy 750 talanta barabar bolan altyn we kümüş ýa-da üsti doly ýükli 3 sany afrikan pili bolan bolmaly

ÝOLDA ÝÜZE ÇYKAN KYNÇYLYKLAR . . .

Talaňçylar, ýowuz çöl-beýewanlyk, ýyrtyjy haýwanlar