HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Ikilenç idege gepleşip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
BU NÄME ÜÇIN WAJYP?
Biz eken hakykat tohumymyzyň gögermegini isleýäris. Şol sebäpli ony suwarýarys (1Kr 3:6). Haçanda biz gyzyklanýan adamy tapanymyzda, onuň bilen söhbetdeşligi dowam edip biler ýaly sorag bersek gowy bolar. Eger şeýtsek, ikilenç idege baranymyzda, ol adam bilen gürrüňdeşlik etmek aňsat bolar. Ikilenç idege baranymyzda, adama geçen gezek haýsy soragy berendigimizi ýatladyp bileris.
MUNY NÄDIP ETMELI?
-
Öýden-öýe gitmezden öň, hödür etjek teklibiňizi we ikilenç idege gepleşip biler ýaly sorag taýýarlaň. Siz adama hödür etjek edebiýatyňyzdaky bir soragy ýa-da okuw geçýän edebiýatlarymyzdaky soraglaryň birini berip bilersiňiz.
-
Eger adam gyzyklansa, onuň bilen ýene-de görüşmek isleýändigiňizi aýdyň we taýýarlan soragyňyzy beriň. Habarlaşyp biler ýaly, mümkin bolsa telefon belgisini alyň.
-
Ikilenç ideg etmek üçin belli bir wagta gepleşen bolsaňyz, şol wagtda barjak boluň (Mt 5:37).