HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Biz Hudaýa sežde edýän ýerlerimizi abatlamak işine gatnaşmagy uly hormat saýýarys
Ysraýyldaky ybadathananyň gurluşygy köp zähmeti we çykdajyny talap edýärdi. Muňa garamazdan, ysraýyllylar ybadathananyň gurluşygyny yhlasly goldadylar (1Ýlz 29:2—9; 2Ýlz 6:7, 8). Ybadathananyň gurluşygy tamamlanandan soň, ysraýyllylar onuň abat saklanmagynyň aladasyny etmelidiler. Şeýdip, olar ruhy taýdan arassa galyp bilerdi (2Pat 22:3—6; 2Ýlz 28:24; 29:3). Şu günlerem mesihçiler Patyşalyk ýa-da Kongres zallaryny gurmak, arassalamak we abatlamak işine köp wagtyny hem güýjüni sarp edýärler. Ýehowa öz halkyna bu işde üstünlik gazanmaga kömek edýär. Dogrudan-da, biz dogan-uýalar bilen eginme-egin zähmet çekmegi uly hormat saýýarys we bu işe gatnaşmagy mukaddes gullugymyzyň wajyp bölegi hasaplaýarys (Zb 127:1; Ylh 7:15).
BIZ HAKYKY SEŽDÄNI...
-
Her duşuşykdan soň, zatlary ýerbe-ýer goýup goldap bileris. Eger siziň mümkinçiligiňiz çäkli bolsa, onda diňe öz oturan ýeriňizi arassalap bilersiňiz.
-
Patyşalyk zalyny arassalamak we abatlamak işine gatnaşyp goldap bileris. Hawa, eginme-egin zähmet çekmeklik bu işden şatlyk we kanagat tapmaga ýardam edýär (lv sah. 105, abz. 18).
-
Meýletin sowgatlary berip, goldap bileris. Ýehowa hatda ýürekden berlen «ikije teňňäni» hem höwes bilen kabul edýär (Mr 12:41—44).
-
Gurluşyk we abatlaýyş işine gatnaşyp goldap bileris. Biz gurluşyk işinde tejribämiz bolmasa-da, oňa gatnaşyp, goşandymyzy goşup bileris.