Wagyz üçin teklip
«HUDAÝYŇ SÖÝGÜSI»
Sorag: Siziň pikiriňizçe, her bir adam şu aýatdaky sözlere görä ýaşasa, ýer ýüzi nähili bolarka?
Aýat: Ýew 13:18
Edebiýat: Mukaddes Ýazgylar bizi ähli zatda dogruçyl bolmaga höweslendirýär. Sebäbi dogruçyllyk durmuşymyza täsir edýär. Ýakup 1:26-ny okap pikir alşyň (lv 14-nji babynyň 5-nji abzasyna serediň). Soňra ikilenç idege gepleşiň.
«MUKADDES ÝAZGYLAR ÖWREDÝÄR» (sah. 6, sorag 4)
Sorag: Siz bu sorag barada nähili pikir edýärsiňiz? Käbirleri adam ölensoň, onuň ruhy ýaşaýar, başgalar bolsa adam ölensoň hiç zat bilmeýär diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz?
Aýat: Wg 9:5
Edebiýat: «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 6-njy babynyň 5, 6-njy abzaslaryna (sah. 58, 59) esaslanyp, pikir alşyň. Soňra kitabyň 7-nji babynyň 17—19-njy abzaslaryna (sah. 72, 73) esaslanyp, ölen adamlaryň gelejekde direljekdigi barada gürrüň ediň we ikilenç idege gepleşiň.
«HUDAÝYŇ HOŞ HABARY»
Edebiýat: Biz adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýäris. Şu broşýurada durmuşdaky wajyp soraglara Mukaddes Ýazgylardan jogap tapyp bolýandygy aýdylýar.
Sorag: Siz Mukaddes Ýazgylary okap görüpmidiňiz? Wagtyňyz bolsa, men size broşýuranyň käbir aýratynlyklaryny görkezeýin (2-nji sapakdaky 1-nji soraga serediň).
Aýat: Ylh 4:11
TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ
Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.