MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Eý, Ýehowa... men saňa bil baglaýaryn»
Biz ýagşy günde-de, ýaman günde-de Ýehowa bil baglamaly (Zeb. 25:1, 2). B. e. öň VIII asyrda Ýahudada ýaşaýan ýehudylaryň Ýehowa bolan imany synaldy. Biz mundan köp zatlary öwrenip bileris (Rim. 15:4). «Eý, Ýehowa... men saňa bil baglaýaryn» diýen filmi göreniňizden soň soraglara jogap beriň.
-
Hizkiýa nähili synaga düşdi?
-
Duşman şäheri gabanda, Hizkiýa Süleýmanyň tymsallary 22:3-däki prinsipe nädip eýerdi?
-
Hizkiýa näme üçin aşurlylara boýun egmek ýa Müsürden kömek soramak barada pikir etmedi?
-
Mesihçiler Hizkiýanyň göreldesine nädip eýerip biler?
-
Biziň Ýehowa bolan imanymyz haýsy ýagdaýlarda synalýar?