Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Yzarlanýan dogan-uýalar üçin doga etmegi unutmaň

Yzarlanýan dogan-uýalar üçin doga etmegi unutmaň

Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň bize Hudaýa gulluk etmäge päsgel bermek üçin yzarlajakdygy aýdylýar (Ýah 15:20; Ylh 12:17). Biz başga ýurtlardaky yzarlanýan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Biz olar üçin doga edip bilýäris. Sebäbi «dogry adamyň dogasy güýçlüdir» (Ýak 5:16).

Näme barada doga edip bileris? Biz Ýehowadan dogan-uýalara batyrgaýlyk bermegini we olara gorkmaz ýaly kömek etmegini diläp bileris (Iş 41:10—13). Şeýle-de «mundan beýläk-de parahat we asuda ýaşamak» üçin hökümet işgärleriniň wagyz işimizi goldamagy barada doga edip bileris (1Tm 2:1, 2).

Pawlus bilen Petrus resul synaga düşende, I asyrdaky mesihçiler olaryň adyny tutup doga etdiler (Res 12:5; Rm 15:30, 31). Biz yzarlanýan dogan-uýalaryň köpüsiniň adyny bilmesek-de, doga edenimizde olaryň ýaşaýan ýerini ýa-da ýygnagyny agzap bileris.

Haýsy ýurtlardaky yzarlanýan dogan-uýalar üçin doga etmek isleýändigiňizi ýazyň.