Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Wagyz üçin teklip

Wagyz üçin teklip

«HOŞ HABAR»

Sorag: Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary könelişen hasaplaýar, başgalar bolsa ony häzirem gymmat saýýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz?

Aýat: 2Tm 3:16, 17

Edebiýat: Şu broşýurada Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň durmuşda köp peýda getirýändigi aýdylýar. Şeýle-de siz ondan Mukaddes Ýazgylary nädip gyzykly edip okap bolýandygyny bilersiňiz.

HAKYKATY ÖWREDIŇ

Sorag: Dünýäniň soňy gelermikä?

Aýat: Mt 24:3, 7, 14

Hakykat: Bu pygamberliklerden soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görse bolýar. Emma muňa hoş habar diýse bolar. Sebäbi tizden bize has gowy gelejek garaşýar.

«HUDAÝ ALADAMYZY EDÝÄRMIKÄ?»

Sorag: Nähili pikir edýärsiňiz, ýaşaýşy Hudaý döretdimi ýa-da ol öz-özünden döredi?

Edebiýat: Şu broşýurada köp adamlara akyldar Ýaradyjynyň bardygyna ynanmaga kömek eden subutnamalar getirilýär. Indiki gezek şu broşýuranyň 4-nji sahypasyndaky 3-nji bölüme serederis.

ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ

Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.