Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 8, 9

Isa adamlary söýýärdi

Isa adamlary söýýärdi

Mattanyň 8, 9-njy baplarynda Isanyň Jelilede eden gullugy barada gürrüň berilýär. Isa syrkawlary sagaldanda, diňe bir güýjüni däl, eýsem, has wajyp bolan uly söýgüsini we duýgudaşlygyny görkezdi.

  1. Isa heýwere keselli adamy sagaltdy. Mt 8:1—3

  2. Isa ýüzbaşynyň hyzmatkärini sagaltdy. Mt 8:5—13

    Ol Petrusyň gaýynenesini sagaltdy. Mt 8:14, 15

    Adamlardan jynlary kowup çykardy we ejir çekýän syrkawlary sagaltdy. Mt 8:16, 17

  3. Isa jynlara doňuzlaryň içine girmäge rugsat berip, olardan has güýçlüdigini görkezdi. Mt 8:28—32

  4. Isa ysmaz adamy sagaltdy. Mt 9:1—8

    Ol donuna elini degren aýaly sagaltdy we Ýaýrusyň gyzyny direltdi. Mt 9:18—26

    Ol lallaryň dilini we körleriň gözüni açdy. Mt 9:27—34

  5. Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, her dürli keselli we syrkaw adamlary sagaltdy. Mt 9:35, 36

Men adamlary ýürekden söýýändigimi we duýgudaşlyk bildirýändigimi nädip görkezip bilerin?