Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Maşgalaňyzy goraň

Maşgalaňyzy goraň

Ýehowa är-aýalyň bir-birine berýän wadasyna gaty çynlakaý seredýär. Ol är-aýalyň bir beden bolmalydygyny aýtdy (Mat 19:5, 6). Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda köp göreldeli maşgalalar bar. Ýöne hiç bir maşgala kämil däl. Islendik maşgalada-da kynçylyk bolýar. Emma maşgalada kynçylyk dörände, biz şu dünýäde giňden ýaýran garaýşa eýermekden, ýagny derrew aýry ýaşamakdan ýa-da aýrylyşmakdan gaça durmaly. Eýsem, mesihçiler maşgalasyny nädip gorap biler?

Munuň bäş usulyna seredeliň.

  1. Ýüregiňizi goraň. Ýanýoldaşyňyz bolmadyk adam bilen hiç haçan näz-kereşme etmäň we ahlaksyz zatlary görmäň. Sebäbi bu zatlar maşgala ojagyny dargadýar (Mat 5:28; 2Pe 2:14).

  2. Hudaý bilen dostlugyňyzy berkidiň. Ýehowany maşgala bolup begendirmek islegiňizi artdyryň (Zb 97:10).

  3. Täze häsiýetleri geýmegi dowam ediň. Şeýle-de ýanýoldaşyňyzyň göwnüni göterýän işleri, hatda ujypsyz bolup görünýän işleri hem etmegi dowam ediň (Kol 3:8—10, 12—14).

  4. Ýanýoldaşyňyza hormat goýuň we ýakymly gürrüňdeşlik ediň (Kol 4:6).

  5. Är-aýallyk borjuňyzy berjaý ediň. Bir-biriňize söýgiňizi we mähriňizi bildirip duruň (1Kr 7:3, 4; 10:24).

Är-aýal biri-birine hormat goýanda, maşgalany döreden Ýehowa hormat goýandygyny görkezýär.

«BIZ „ÇYDAMLY YLGAMALY“: ÝARYŞYŇ ŞERTLERINI BERJAÝ EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Maşgala durmuşy şatlyk bilen başlansa-da, nähili kynçylyklar bolup bilýär?

  • Mukaddes Kitapdaky prinsipler maşgalany nädip bagtly edýär?

  • Maşgalaňyzy bagtly etmek üçin Mukaddes Kitapdaky prinsiplere eýeriň

    Ýehowa maşgala babatda nähili düzgünleri berdi?

  • Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin är-aýalyň ikisi hem näme etmeli?