MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Kongresler söýgiňi bildirmäge mümkinçilik berýär
Kongresler bize näme üçin köp şatlyk berýär? Gadymy ysraýyl halkynda bolşy ýaly, şu günler hem kongresler ýüzlerçe, müňlerçe imandaşlarymyz bilen bilelikde Ýehowa sežde etmäge mümkinçilik berýär. Biz bolluk bilen berilýän ruhy iýmitlerden lezzet alýarys. Şeýle-de dost-ýarlarymyz, maşgalamyz bilen wagt geçirip, şatlanýarys. Biz kongresiň üç gününe-de höwes bilen gatnaşmak isleýäris.
Kongrese baranymyzda, diňe özümize berýän peýdasy hakda oýlanman, başgalara nädip söýgimizi bildirip biljekdigimiz hakda hem pikirlenip bileris (Gal 6:10; Ýew 10:24, 25). Meselem, dogan-uýalara gapyny açyp bersek ýa-da özümize gereginden artyk ýerleri tutmasak, başgalaryň peýdasyny gözleýändigimizi görkezeris (Flp 2:3, 4). Kongersler täze dostlary edinmäge-de gowy mümkinçilik berýär. Kongresden öň ýa-da soň, şeýle-de arakesme wagty tanamaýan adamlaryňyz bilen ýakyndan tanyşjak boluň (2Kr 6:13). Şeýle dostluk bütin ömrüňe dowam edip bilýär! Has wajyby bolsa, bizi synlaýan adamlar aramyzdaky hakyky söýgini görende, biziň bilen bile Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwüp biler (Ýah 13:35).
«HALKARA KONGRESLERI. „SÖÝGI HIÇ HAÇAN GUTARMAZ!“» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
2019-njy ýylda geçirilen halkara kongreslerine gelenleriň arasyndaky söýgi nädip göründi?
-
Ýehowanyň halkynyň agzybirligi we aralaryndaky söýgi näme üçin haýran galdyrýar?
-
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary doganlyk söýginiň haýsy aýratynlyklaryny belläp geçdiler?
-
Germaniýada we Günorta Koreýada mesihçileriň söýgüsi nädip aýdyň göründi?
-
Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?