Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ene-atalar, çagalaryňyza öwredip duruň!

Ene-atalar, çagalaryňyza öwredip duruň!

Biz ýagşa ýaman, ýamana ýagşy diýýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys (Işa 5:20). Gynansak-da, käbir adamlar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärler, şol sanda bir jynsdaky adamlar biri-biri bilen jynsy gatnaşyk edýärler. Ýygnagymyzdaky gyzyldan gymmatly ýaş dogan-uýalarymyzy klasdaşlary we beýleki adamlar öz erbet göreldesine eýertjek bolýar. Gadyrly ene-atalar, siz çagalaryňyzy şeýle zatlardan nädip gorap bilersiňiz?

Çagalaryňyza Ýehowanyň kada-kanunlaryny yzygider öwredip duruň (3Ms 18:3). Ýaşyna görä kem-kemden Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýändigini düşündiriň (5Ms 6:7). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men çagalaryma näz-kereşme etmeli däldigini, salykatly geýinmegiň wajypdygyny hem-de başgalaryň şahsy durmuşyna goşulmaly däldigini öwretdimmi? Kimdir biri olara pornografiýa görkezjek bolsa ýa-da Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdirjek bolsa näme etmelidigini bilýärlermi?» Çagalaryňyza şeýle kynçylyklardan gaça durmagy öwrediň (Nak 27:12; Nes 7:12). Olara öwredip dursaňyz, Ýehowanyň beren gymmatly sowgady bolan çagalaryňyzy ýürekden söýýändigiňizi görkezersiňiz (Zb 127:3).

«ÖÝÜŇIZI ÇYDAMLYLYK BILEN GURUŇ: ÇAGALARYŇYZY AZGYN ADAMLARDAN GORAŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Käbir ene-atalar näme üçin çagalaryna jynsy gatnaşyk barada aýtmaga çekinýärler?

  • Ene-atalar näme üçin çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaly»? (Efs 6:4)

  • Bilim goraýar

    Ýehowa ene-atalara çagalaryna jynsy gatnaşyk barada öwretmäge guramasy arkaly nädip kömek edýär? (w19.05 sah. 12, çarçuwa)

  • Çagalaryňyz kynçylygyň üstünden barmanka, näme üçin olar bilen öňünden gürleşmeli?