Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sen suwa çümdürilmäge eltýän ýoluň niresinde?

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa gulluk etmegi saýlaň

Ýehowa gulluk etmegi saýlaň

Sen ýaş wagyzçy ýa-da Mukaddes Kitap okuwyny geçýän bolsaň, suwa çümdürilmäge maksadyň barmy? Sen näme üçin suwa çümdürilmek isleýärsiň? Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek Ýehowa bilen aýratyn dostluga ýol açýar (Zb 91:1). Şeýle-de halas bolmaga mümkinçilik berýär (1Pe 3:21). Sen şu iki ädimi nädip ädip bilersiň?

Şu ýoluň hakykatdygyna ynamyňy berkit. Eger bir zada düşünmeseň, onda gözleg geçir (Rim 12:2). Nähili özgerişleri etmelidigiňi anykla we Ýehowany razy etmek üçin gerekli ädimleri ät (Nak 27:11; Efs 4:23, 24). Ýehowadan hemişe kömek sorap doga et. Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly seni berkitjekdigine we goldajakdygyna ynamly bol (1Pe 5:10, 11). Eger tagalla etseň, hökman gowy netije gazanarsyň. Ýehowa gulluk etmek, iň gowy durmuş ýoly! (Zb 16:11).

«SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE ELTÝÄN ÝOL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Käbirleri suwa çümdürilmek üçin nämelerden geçmeli boldy?

  • Sen özüňi Ýehowa bagyş etmek üçin imanyňy nädip ösdürip bilersiň?

  • Käbirlerini suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?

  • Ýehowa gulluk etmegi saýlanlar nähili bereketleri alýar?

  • Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek nämäni aňladýar?