Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Mesihiň söýgüsi höweslendirýär» (2Kr 5:14)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Mart ýa-da aprel aýlarynda kömekçi pioner bolup gulluk edersiňizmi?

Mart ýa-da aprel aýlarynda kömekçi pioner bolup gulluk edersiňizmi?

Ýatlama agşamy döwri Ýehowa köpräk gulluk edesiňiz gelýärmi? (2Kr 5:14, 15). Siz mart we aprel aýlarynda 30 ýa-da 50 sagat kömekçi pioner bolup gulluk edip bilýärsiňiz. Şol aýlar köpräk gulluk etmäge mümkinçiligiňiz bolsa, onda kömekçi pioner üçin arzany dolduryp, ýygnagyňyzyň gulluk komitetine berip bilersiňiz. Her aý kömekçi pioner bellenen dogan-uýalaryň atlary ýygnakda bildiriş ediler. Beýleki dogan-uýalar hem täze pionerleri goldap biler. Geliň, Ýatlama agşamy döwri hemmämiz wagyz işine yhlasly gatnaşmaga we biri-birimizi goldamaga jan edeliň (1Sl 5:11).