MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Şamuwel pygamberiň göreldesine eýeriň
Şamuwel pygamber soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy. Aly ruhanynyň ogullary Hopny bilen Pinehas Ýehowa garşy günä etseler-de, kiçijik Şamuwel olara meňzemedi (1Şm 2:22—26). Ol ulalanda-da, Ýehowany razy edip ýaşady. Hudaý hem ony goldaýardy (1Şm 3:19). Şamuwel garran çagynda-da, hatda ogullary Hudaýyň ýolundan ýöremese-de, Ýehowa wepaly gulluk etdi (1Şm 8:1—5).
Şamuweliň durmuşyndan näme öwrenýäris? Ýaşlar, Ýehowa siziň kynçylyklaryňyzy bilýär, ýagdaýyňyza gowy düşünýär. Ol size kömek etmek isleýär (Işa 41:10, 13). Ene-atalar, çagaňyz Ýehowa gulluk etmegini goýan bolsa, Şamuweliň durmuşy hakda oýlanyň. Ol Ýehowa wepaly bolsa-da, ogullary Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermedi. Şamuwel ähli zady Ýehowa tabşyrdy. Ol imanyny berkidip, Hudaýy begendirip ýaşady. Gadyrly ene-atalar, sizem wepaly gulluk etseňiz, belki, çagaňyz bir gün Ýehowa dolanar.
«OLARDAN GÖRELDE ALYŇ—ŞAMUWEL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Kiçijik Şamuwele haýsy ýagdaýda batyrgaýlyk gerek boldy?
-
Deni Şamuweliň göreldesine nädip eýerdi?
-
Şamuwel garran çagynda nähili görelde galdyrdy?
-
Deniniň ene-atasy Şamuweliň göreldesine nädip eýerdi?