Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa sizi söýýär

Ýehowa sizi söýýär

Ýehowa sizi eziz görýär (Işa 43:4). Ol size özüni tanadyp, guramasyna goşulmaga kömek etdi. Siz özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildiňiz we Ýehowanyň ogly-gyzy bolduňyz. Ol siziň gadyryňyzy bilýär, kyn günüňizde-de taşlamaýar. Ýehowa guramasy arkaly wepaly söýgüsini görkezýär (Zb 25:10).

Ýehowanyň guramasy tebigy betbagtçylykdan ejir çeken dogan-uýalara derrew kömege ýetişýär. Ýehowanyň halkynyň aladasyny edýändigini görenimizde, hasam minnetdar bolýarys.

«KOORDINATORLAR KOMITETINIŇ HASABATY (2019)» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Koordinatorlar komiteti bütin dünýädäki filiallara tebigy betbagtçylyk bilen bagly nähili görkezme berdi?

  • Ýehowanyň guramasy Indoneziýadaky we Nigeriýadaky dogan-uýalara nädip kömek etdi?

  • Guramanyň koronawirus keseli (COVID-19) bilen bagly görkezmesine näme üçin minnetdar bolýarsyňyz?