WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleriňize erbetler bilen arasyny kesmäge kömek ediň
Okuw geçýänler gatnaşýan adamlaryna ünsli bolmasa, Ýehowa bilen dostlaşyp bilmez (Zb 15:1, 4). Gowy dostlar bolsa, olara ruhy taýdan ösmäge kömek eder (Nak 13:20; lff 48-nji sapak).
Okuw geçýäniňize öňki dostlary bilen arasyny kesmek aňsat bolmazlygy mümkin. Oňa kömek edeniňizde ýagdaýyna düşünjek boluň. Diňe okuw geçeniňizde däl-de, başga wagtam görşüň, SMS ýazyň, jaň ediň. Dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşar ýaly, okuw geçýäniňizi myhmançylyga çagyryň. Şeýtseňiz, ol öňki dostlary bilen arasyny kesendigine ökünmez, gaýtam hak dostlary tapandygyna begener (Mar 10:29, 30). Ýehowanyň halkyna ýene bir adamyň goşulandygyny görüp, sizem şatlanarsyňyz.
«MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLERIŇIZE KÖMEK EDIŇ. ERBETLER BILEN ARASYNY KESMEK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Erbet dostlar diýip kime aýdylýar? (1Kr 15:33)
-
Jasmin dogan-uýalaryň oturylyşygyny nähili göz öňüne getirdi?
-
Nita Jasmine erbetler bilen arasyny kesmäge nädip kömek etdi?