WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleriňize ýygnaga gatnaşmaga kömek ediň
Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, Ýehowa sežde edýäris (Zb 22:22). Ýygnakda köp zatlary öwrenip ruhlanýarys (Zb 65:4). Okuw geçýänleriňiz duşuşyklara yzygider gatnaşsa, ruhy taýdan tiz öser.
Okuw geçýänleriňize ýygnaga gatnaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz? Olary ýygnaga çagyryp duruň. «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkeziň. Duşuşyklara gatnaşmagyň peýdasy hakda gürrüň beriň (lff 10-njy sapak). Ýygnakda eşiden gyzykly pikirleriňizi paýlaşyň we indiki hepde näme geçiljekdigini aýdyň. Ýygnakda öwrenilýän edebiýaty beriň. Okuw geçýäniňize ýygnaga barmaga kömek ediň. Belki, onuň bilen bile gidersiňiz?! Okuw geçýäniňiz ýygnaklara gatnap başlasa, eden tagallaňyzyň ýerine düşendigini görüp begenersiňiz (1Kr 14:24, 25).
«MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLERIŇIZE KÖMEK EDIŇ. ÝYGNAGA GATNAŞMAK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Jasmin ýygnaga barar ýaly Nita näme etdi?
-
Okuw geçýän ýygnaga gelende özümizi nähili duýýarys?
-
Jasmin birinji gezek ýygnaga gelende özüni nähili duýdy?