MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Prinsipler esasynda çagalaryňyzy terbiýeläň
Ene-atalar çagalarynyň Ýehowa gulluk edip, köp bereket almagyny, bagtly bolmagyny isleýär. Olar Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýermegi öwretseler, çagalaryň görjegi gowulyk bolar (Nak 22:6).
-
Çagalaryňyz bilen gürleşiň, dilini tapyň (Ýak 1:19).
-
Olara görelde görkeziň (5Ms 6:6).
-
Ruhy çärelerden galmaň (Efs 6:4).
«ÖÝÜŇIZI ÇYDAMLYLYK BILEN GURUŇ: ÇAGALARYŇYZA ÝÖREMELI ÝOLUNY ÖWREDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Ene-atalar çagalaryny terbiýelände nädip paýhasly bolup biler?
-
Ene-atalar Ýakup 1:19-daky prinsipe nädip eýerip biler?
-
Kynçylyk bolanda, ene-atalar näme etse gowy bolar?