MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýatlama agşamy döwri maksat goýuň
Ýehowanyň halky her ýyl Ýatlama agşamynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ýatlama agşamyndan öňki we soňky hepdeler Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrmaga we töleg gurbany üçin minnetdar bolmaga gowy mümkinçilik bolýar (Efs 1:3, 7). Meselem, biz Ýatlama agşamyna has köp adam çagyrmaga jan edýäris. Käbir dogan-uýalar mart ýa aprel aýlarynda kömekçi pioner bolup, 30 ýa-da 50 sagat gulluk edýärler. Sizem Ýatlama agşamy döwri köpräk gulluk etmek isleýärsiňizmi? Size näme kömek eder?
Adatça, maksadyňa ýetmek üçin işleriňi öňünden planlaşdyrmaly bolýar (Nak 21:5). Ýatlama agşamyna az wagt galdy, şonuň üçin işleriňizi häzirden planlaşdyryň. Ýatlama agşamy döwri nädip has köp gulluk edip, goýan maksadyňyza ýetmek üçin näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowadan tagallaňyza ak pata bermegini diläň (1Ýh 5:14, 15).
Ýatlama agşamy döwri nädip has köp wagyz edip bilersiňiz?