HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Hudaýyň tabşyryklaryna berk ýapyşyň
Şawul patyşanyň gulak asmandygy üçin Ýehowa ondan ýüz öwürdi (1Tr 10:13, 14)
Ýehowa Şawula derek Dawudy patyşa belledi (1Tr 11:3)
Dawut Şawul ýaly däldi; ol Ýehowanyň kada-kanunlaryna, prinsiplerine eýerýärdi (1Tr 11:15—19; w12 15/11 sah. 6, abz. 12, 13)
Dawut Hudaýyň tabşyryklaryny jany-teni bilen edýärdi (Zb 40:8). Bizem Ýehowanyň garaýşyny gowy bilsek, ýagşy işleri has köp edesimiz geler (Zb 25:4; w18.06 sah. 17, abz. 5, 6).