Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19—25 fewral

ZEBUR 8—10

19—25 fewral

2-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Eý Ýehowa, saňa... alkyş aýdaryn»

(10 min.)

Ýehowa adamlara köp ýagşylyk edýär (Zb 8:3—6; w21.08 sah. 3, abz. 6)

Biz adamlara Hudaýyň ajaýyp işleri hakynda wagyz edenimizde, ony şöhratlandyrýarys (Zb 9:1; w20.05 sah. 23, abz. 10)

Şeýle-de biz ýygnak duşuşygynda joşup aýdym aýdanymyzda, Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zb 9:2; w22.04 sah. 7, abz. 13)

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Men Ýehowany ýene nädip şöhratlandyryp bilerin?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Zb 8:3​. Mezmurçy «Hudaýyň eli» diýende nämäni göz öňüne tutdy? (it «Barmak»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öýüň eýesi Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýar (lmd sapak 5, abz. 4).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Geçen sapar öýüň eýesi Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýar. Ýöne Ýaradanyň bardygyny subut edýän deliller barada gürrüňdeş bolmaga razylaşýar (th sapak 7).

6. Nutuk

(5 min.) (w21.06 sah. 6, 7, abz. 15—18). Tema: Okuw geçýänleriňize Ýehowany begendirip ýaşamagy öwrediň (th sapak 10)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

10-njy aýdym

7. Mümkinçilikden peýdalanyp adaty wagyz ediň

(10 min.) Söhbetdeşlik.

Biz her gün duş gelýän adamlarymyza wagyz etsek, Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zb 35:28). Başda her bir dörän mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmäge ýaýdanmagymyz mümkin. Ýöne mesaýy gürrüň etmegi öwrensek, çekinmän wagyz edip bileris. Soňabaka wagzyň bu görnüşine öwrenişip, şatlygymyz hasam artar.

«„Parahatlygy wagyz etmäge taýyn boluň“. Gürrüňe özüňiz başlaň» atly wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:

Mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmäge näme kömek edýär?

Mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmäge kömek edýän maslahatlar:

  •   Her sapar öýden çykanyňyzda, adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik gözläň. Akýürekli adamlary duşurar ýaly Ýehowa doga ediň.

  •   Güler ýüzli boluň we adamlar bilen ýürekden gyzyklanyň. Adamlara ünsli bolup, olara Mukaddes Kitapdan gyzykly bolaýjak tema hakda gürrüň ediň.

  •   Ýerlikli bolsa, habarlaşmak üçin öý salgysyny ýa-da telefon belgisini alyň.

  •   Adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzda wagyz edip ýetişmeseňiz gynanmaň.

  •   Wagyz eden adamyňyz hakda gürrüňdeş bolanyňyzdan soň hem oýlanyň. Ýerli ýagdaýa görä, Mukaddes Kitapdan bir aýady ýa-da jw.org saýtyndan makalany iberip duruň.

Maslahat: Eger biri: «Sag-aman işläp ýörmüň? Çagalaram gowumy?» diýip sorasa, mümkinçilikden peýdalanyp Mukaddes Kitapda zähmet çekmek we çaga terbiýelemek hakda näme aýdylýandygyny gürrüň ber.

8. Ýerli zerurlyk

(5 min.)

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) |  65-nji aýdym we doga