Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 21—27

Eýýup pygamber nädogry pikirlere ýol bermedi

Eýýup pygamber nädogry pikirlere ýol bermedi

Şu günler Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryny ruhdan düşürmek üçin töhmet atýar. Eýýup kitabyndan Şeýtanyň atýan töhmeti bilen Ýehowanyň garaýşynyň arasyndaky tapawudy görse bolýar. Aşakda getirilen goşmaça aýatlar Ýehowanyň seniň aladaňy edýändigini subut edýär.

ŞEÝTANYŇ ATÝAN TÖHMETLERI

ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY

Hudaý şeýle bir talapkär welin, gullukçylarynyň hiç biri ony razy edip bilmeýär. Ol ýaradan zatlarynyň hiç birine begenmeýär (Eýp 4:18; 25:5).

Ýehowa biziň pesgöwünlilik bilen edýän tagallamyzyň gadyryny bilýär (Eýp 36:5).

Adam Hudaýa gerek däl (Eýp 22:2).

Ýehowa biziň wepaly gullugymyzy kabul edýär we bereket berýär (Eýp 33:26; 36:11).

Seniň dogruçyl bolmagyň Hudaýyň perwaýyna-da däl (Eýp 22:3).

Ýehowa dogry adamlardan gözüni aýyrmaýar (Eýp 36:7).