Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZ ETMEK UKYBYŇYZY ARTDYRYŇ

Kongrese çagyrmak üçin geçirilýän kampaniýa

Kongrese çagyrmak üçin geçirilýän kampaniýa

Biz her ýyl geçirilýän ruhy baýramçylykdan, ýagny welaýat kongresinden lezzet almak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şol sebäpli başga adamlar hem biziň bilen kongrese gatnaşyp, Ýehowanyň ýagşylygyny dadar ýaly, mümkin boldugyndan, köp adamlary çagyrarys (Zeb. 34:8). Çakylygy nädip has gowy paýlamalydygyny ýaşulular maslahaty çözýär.

ŞULARY GÖZ ÖŇÜNDE TUTMALY

  • Kongresimiz haçan geçirilýär?

  • Kampaniýa haçan başlanýar?

  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk haçan geçirilýär?

  • Kampaniýa gatnaşmak üçin nähili maksatlary goýdum?

  • Kimi çagyrmak isleýärin?

ÇAKYLYGY NÄDIP HÖDÜRLEMELI?

Salam bereniňizden soň şeýle diýip bilersiňiz:

«Şu günler bütin dünýäde örän wajyp waka üçin adamlara çakylyk paýlanýar. Çakylykda kongresiň senesi, wagty we geçirilýän ýeri görkezilýär. Siz hem gelseňiz örän şat bolardyk».

ADAMYŇ HÖWESINI NÄDIP ARTDYRYP BILERSIŇIZ?

Biz kongrese mümkin boldugyndan köpräk adam çagyrmak islesek-de, gyzyklanýan adamlaryň höwesini artdyrmak üçin elimizde baryny etmeli.