Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň

Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň

Aprel aýynyň 11-ne, sişenbe güni geçiriljek Ýatlama agşamyna wagza çykmaýan mesihçiler * hem gatnaşar. Olar ýaşaýyş ýolunda ylgawa başlasalar-da, «Ýehowa dolanyň» atly broşýurada agzalýan her dürli kynçylyklar bilen göreşýärler (Ýew 12:1). Emma Ýehowa üçin olar gaty eziz, sebäbi Hudaý oglunyň gany arkaly olary satyn aldy (Res 20:28; 1Pt 1:18, 19). Biz nädip olara ýygnaga dolanmaga kömek edip bileris?

Çopanyň sürüden azaşan goýnuny erjellik bilen gözleýşi ýaly, ýygnak ýaşululary hem wagza çykmaýan mesihçileri idäp, olara kömek edýärler (Lk 15:4—7). Bu Ýehowanyň söýgi bilen alada edýändigini görkezýär (Ýer 23:3, 4). Wagza çykmaýan mesihçileri diňe ýaşulular däl, eýsem, her birimiz ruhlandyryp bileris. Ýehowa biziň ýagşylyk etmek, duýgudaşlyk bildirmek üçin edýän tagallamyzy görüp begenýär we ol bizi hökman bereketlär (Sült 19:17; Res 20:35). Şol sebäpli, geliň, kimi ruhlandyryp biljekdigimiz barada oýlanalyň we olara haýal etmän kömek edeliň!

«WAGZA ÇYKMAÝAN MESIHÇILERI RUHLANDYRYŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ebbi nätanyş uýa duşanda nädip birinji ädim ätdi?

  • Wagza çykmaýan mesihçilere kömek etmek islesek näme üçin ýaşululara ýüz tutmaly?

  • Ebbi Lora bilen ikinji gezek duşuşmak üçin nähili taýýarlyk gördi?

  • Ebbi Lorany ruhlandyranda tutanýerliligini, sabyrlylygyny we söýgüsini nädip görkezdi?

  • Luka 15:8—10-njy aýatlarda aýdylýan Isanyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

  • Loranyň we Ebbiniň bilelikde eden tagallasy nähili netije berdi?

^ abzas 3 Şu makalada «wagza çykmaýan mesihçi» diýlende, soňky alty aýyň dowamynda wagza çykmaýan we hasabat tabşyrmaýan wagyzçylar göz öňüne tutulýar.