MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Patyşalyk aýdymlary batyrgaý bolmaga kömek edýär
Pawlus resul bilen Silas tussaglykdaka Hudaýy şöhratlandyryp aýdym aýtdylar (Res 16:25). Germaniýada nasizm döwri Zaksenhauzen konslagerine we Sibire sürgün edilen dogan-uýalar hem Patyşalyk aýdymlaryny aýdypdyrlar. Bu wakalar Patyşalyk aýdymlarynyň dogan-uýalara synaglarda batyrgaý bolmaga kömek edýändigini görkezýär.
Tizden köp dillerde täze aýdym kitaby çykarylar. Ýöne biz öz dilimizde bar bolan aýdymlary maşgala okuwynda aýtsak, onuň sözleri aňymyza ornaşar (Ef 5:19). Synaglara duş gelenimizde bolsa, mukaddes ruh olary ýadymyza salar. Şeýle-de Patyşalyk aýdymlary ünsümizi umydymyza gönükdirmäge we synaglarda berk durmaga kömek eder. Hatda ähli zat gowy wagty hem göwnüňi göteriji aýdymlary aýtsak, ýüregimiz parahatlykdan we şatlykdan dolýar (1Ýyl 15:16; Zb 33:1—3). Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşalyk aýdymlaryny aýtmaga çalşalyň!
«TUSSAGDAKYLARY RUHLANDYRAN AÝDYM» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Nähili ýagdaýlar Frost dogany aýdym düzmäge iterdi?
-
Bu aýdym Zaksenhauzen konslagerindäki doganlary nädip ruhlandyrdy?
-
Patyşalyk aýdymlary seni haýsy ýagdaýlarda berkidip biler?
-
Sen haýsy aýdymy ýat tutmak isleýärsiň?