Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Güler ýüz bilen garşy alyň

Güler ýüz bilen garşy alyň

Biz ýygnak duşuşyklaryna gelýän ähli adamlary, ýagny ilkinji gezek gelýänleri we tanyş-bilişlerimizi güler ýüz bilen garşy almaly (Rm 15:7; Ýew 13:2). Belki-de, olar başga ýurtdan gelen ýa-da birnäçe ýyldan bäri ýygnaga yzygider gelmeýän imandaşymyz bolup biler. Eger siziň bilen şeýle ýagdaý bolsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Sizi güler ýüz bilen garşy alsalar minnetdar bolmarsyňyzmy? (Mt 7:12). Şol sebäpli Ýygnak jaýyna baryp, duşuşykdan öň ýa-da soň adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga jan etmeli. Şonda biz ýygnakda dostlukly gatnaşygyň we söýginiň bolmagyna ýardam ederis hem-de Ýehowany şöhratlandyrarys (Mt 5:16). Elbetde, her bir adam bilen aýratyn gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik bolmaz. Muňa garamazdan, ählimiz elimizde baryny etsek, olar özleriniň gyzgyn garşylanandyklaryny duýarlar *.

Myhmansöýerligi diňe bir Ýatlama agşamy döwründe däl, eýsem, hemişe görkezmeli. Ýygnaga täze gelen adamlar dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsini görüp, Hudaýy şöhratlandyrarlar we arassa seždäni goldarlar (Ýah 13:35).

^ abzas 3 Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä, duşuşyga gelýän ýygnak gatnaşygyndan kesilenler bilen gepleşmeli däl (1Kr 5:11; 2Ýah 10).