Isa ýehudy dini ýolbaşçylarynyň özüni alyp barşyna näme üçin gaty gynandy? Sebäbi olar birtopar gerekmejek düzgünleri girizip, Sabat gününi agyr ýük ýaly edip görkezýärdiler. Meselem, şol gün büräni öldürmeli däldi. Şeýle-de adamy diňe janyna howp abananda sagaltsa bolýardy. Sabat güni süňki döwlen ýa-da çykan adamy sagaltmak bolmaýardy. Görşümiz ýaly, dini ýolbaşçylar eli ysmaz adam hakda asla alada etmeýärdiler.