MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzy ökdelik bilen ulanyň
Şägirt taýýarlamagy jaý gurmak bilen deňeşdirse bolýar. Biz ökdelik bilen tälim berip biler ýaly, esbaplarymyzy gowy ulanmagy öwrenmeli. Biz, esasan-da, iň wajyp esbabymyz bolan Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanmaly (2Tm 2:15). Şeýle-de öwretmek üçin niýetlenen edebiýatlarymyzy we wideolarymyzy ökdelik bilen ulanyp, şägirt taýýarlamagy maksat edinmeli *.
Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzy nädip ökdelik bilen ulanyp bilersiňiz? 1) Wagyz gözegçiňizden kömek soraň; 2) ökde wagyzçylar we pionerler bilen hyzmatdaşlyk ediň we 3) esbaplarymyzy köpräk ulanmagy maksat ediniň. Siz edebiýatlarymyzy we wideolarymyzy ökdelik bilen ulansaňyz, ruhy taýdan berkidýän wagyz işinden has köp şatlyk taparsyňyz.
BROŞÝURALAR
KITAPLAR
KITAPÇALAR
WIDEOLAR
ÇAKYLYKLAR
KARTOÇKALAR
^ abzas 3 Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzyň arasynda bolmadyk käbir edebiýatlar diňe belli bir okyjylar üçin niýetlenen. Ýerlikli bolsa, siz olary hem ulanyp bilersiňiz.