Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Şägirt taýýarlamak üçin wagyz etmek we öwretmek wajyp

Şägirt taýýarlamak üçin wagyz etmek we öwretmek wajyp

Isa şägirtlerine: «Gidiň-de,.. şägirt taýýarlaň» diýip tabşyryk berdi (Mt 28:19). Munuň üçin adamlara wagyz etmeli we öwretmeli. Sebäbi bu şägirt taýýarlamak üçin örän wajyp. Wagtal-wagtal özümize şeýle soragy bersek gowy bolar: «Men wagyz etmekde we öwretmekde nädip has-da ökdeleşip bilerin?»

WAGYZ ETMEK

Biz adamlaryň ýanymyza gelmegine garaşman, «mynasyplary» gözlemek üçin jan etmeli (Mt 10:11). Biz wagyzda «duş gelýän» adamlaryň her biri bilen gürrüňdeş bolmaga çalyşýarysmy? (Res 17:17). Pawlus resul hoş habary erjellik bilen wagyz edendigi üçin Lidiýa Isanyň şägirdi boldy (Res 16:13—15).

«Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn» (Wg 11:6).

«WAGYZ ETMEGIŇIZI „BES ETMÄŇ“. HER BIR MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ EDIŇ WE ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Samuýel hakykat tohumyny ekmäge her gün jan edýändigini nädip görkezdi?

  • Biz wagzyň ähli görnüşine näme üçin erjellik bilen gatnaşmaly?

  • Siz hoş habary her gün kimlere wagyz edip bilersiňiz?

ÖWRETMEK

Şägirt taýýarlamak üçin adamlara ýöne bir edebiýat paýlamak ýeterlikli däl. Biz olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli. Munuň üçin bolsa, gyzyklanan adamy gaýtadan ideg etmeli we Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaly (1Kr 3:6—9). Ýöne adamlara Patyşalyk baradaky hakykaty öwretmek üçin edýän tagallamyz känbir netije bermese näme? (Mt 13:19—22). Şeýle ýagdaýda biz ýürekleri «mes topraga» meňzeş adamlary gözlemegimizi dowam etmeli (Mt 13:23; Res 13:48).

«Men tohumy ekdim, Apollos ony suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr» (1Kr 3:6).

«WAGYZ ETMEGIŇIZI „BES ETMÄŇ“. KÖPÇÜLIK ÝERLERINDE WAGYZ EDIŇ WE ŞÄGIRT TAÝÝARLAŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Süleýman bilen Merýem Ezekiýel bilen Abigaýylyň ýüregindäki hakykat tohumyny nädip suwardy?

  • Gullugyň ähli görnüşinde, şol sanda köpçülik ýerlerinde wagyz edenimizde maksadymyz näme bolmaly?

  • Adamlara hakykaty öwretmek üçin esasan nämä köp üns bermeli?