Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýyň bilimini almaga jan ediň

Hudaýyň bilimini almaga jan ediň

NÄME ÜÇIN WAJYP? Beýik Mugallym Ýehowa bize iň gowy bilim berýär. Ol bize mugtuna durmuşymyzy gowulandyrmagy we ajaýyp gelejege taýýarlanmagy öwredýär (Iş 11:6—9; 30:20, 21; Ylh 22:17). Şeýle-de biz Ýehowanyň bilimi arkaly başga adamlara halas ediji habary aýdýarys (2Kr 3:5).

NÄDIP ETMELI?

  • Pesgöwünliligi we ýumşaklygy ösdüriň (Zb 25:8, 9).

  • Ýehowanyň berýän biliminden häzirden peýdalanyň, meselem, duşuşykda berilýän ýumuşlary alyň

  • Ruhy maksatlary goýuň (Fp 3:13).

  • Tälim almagy dowam eder ýaly käbir zatlardan geçiň (Fp 3:8).

«ÝEHOWANYŇ BERÝÄN TÄLIMI RUHY TAÝDAN BERKIDÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Käbir wagyzçylar Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin nähili kynçylyklara döz geldiler?

  • Hoş habarçylar mekdebi nähili bilim berýär?

  • Mekdebi gutaranlara bellenilen ýerindäki dogan-uýalar nädip kömek etdiler?

  • Hoş habarçylar mekdebinde okamak üçin nähili talaplara laýyk gelmeli? (kr sah. 189)

  • Ýehowanyň guramasynda başga-da nähili tälim alyp bilersiňiz?

Hudaýyň bilimini almaga jan etseňiz nähili bereketleri alarsyňyz?