Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanarsyňyz?

Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanarsyňyz?

Şu ýyldan başlap Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmek üçin köpräk wagt sarp ederis. Ýatlama agşamy hepde aralygyna düşse, «Durmuş we wagyz» duşuşygy geçirilmez. Eger Ýatlama agşamy dynç gününe gabat gelse, jemagat nutugy bilen «Garawul diňi» duşuşygy bolmaz. Şol hepde boş wagtyňyzy peýdaly ulanarsyňyzmy? Bu ähmiýetli waka üçin gerekli zatlary I asyrdaky ýaly öňünden taýýarlamaly (Lk 22:7—13; km 3/15 sah. 1). Ýöne hemmämiz ýüregimizi taýýarlamaly. Muny nädip etse bolar?

Käbir wagyzçylar «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» broşýuradaky Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okaýarlar we oýlanýarlar. Käbirleri tablisada getirilen aýatlary okaýar. Käbirleri bolsa Ýatlama agşamy we Ýehowanyň hem-de Isanyň bildiren söýgüsi baradaky makalalary okaýar. Nähili gözleg geçirip taýýarlansaňyz-da, öwrenýän zatlaryňyz Ýehowa we Ogluna ýakynlaşmaga kömek etsin.