Ýehowa beren sözüne wepalydyr
Ýehowa kynçylygymyzy aýryp bilýär. Emma köplenç olara döz geler ýaly gerekli zatlary berip, «çykalga açýar».
-
Ol Sözi, mukaddes ruhy we ruhy iýmit arkaly aýdyň pikirlenmäge kömek edýär, ruhlandyrýar we teselli berýär (Mt 24:45; Ýah 14:16; Rm 15:4).
-
Ol mukaddes ruhy arkaly Mukaddes Ýazgylardaky wakalary we prinsipleri ýadymyza salmaga we şolara görä paýhasly hereket etmelidigine düşünmäge kömek edip, görkezme berýär (Ýah 14:26).
-
Ol perişdeleri arkaly bize kömek edýär (Ýew 1:14).
-
Ol imandaşlarymyzyň üsti bilen goldaýar (Kl 4:11).