MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Ýalan taňrylary ýok ediň»
Ýakup Ýehowa doly wepaly bolmalydygyna düşünýärdi. Hatda şol wagt Hudaý buta sežde etmeli däldigi hakda kanun hem bermändi (2Ms 20:3—5). Ýehowa Ýakuba Beýtele dolanyp barmalydygyny aýdanda, ol öý-içerisindäkilere we ýanyndaky adamlara ýalan taňrylary ýok etmegi tabşyrýar. Soňra Ýakup ähli butlary we doga-tumar hökmünde dakylýan gulakhalkalary gömýär (1Ms 35:1—4). Elbetde, Ýakubyň şeýle hereketi Ýehowany razy edendir.
Şu günlerem biz Ýehowa nädip ýürekden wepaly bolup bileris? Munuň üçin biz jadygöýlik ýa-da butparazlyk bilen bagly her bir zatdan gaça durmaly. Jadygöýlige degişli bolan zatlarymyzy aýryp ýok etmeli hem-de görjek bolýan zatlarymyzy ünsli saýlamaly. Özüňize şu soraglary beriň: men wampirler, zombiler ýa-da adatdan daşary gudratly güýçler hakdaky kitaplary okap, filmleri görýärinmi? Görýän zatlarymda degişmä salnyp aýdylýan jadylaýjy, gargyş ýa-da şuňa meňzeş zatlar barmy? Biz Ýehowanyň ýigrenýän her bir zadyndan daşda durmaly (Zb 97:10).
«IBLISE GARŞY DURUŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Palesa atly okuw geçýän bir aýalda nähili kynçylyk döreýär?
-
Jadygöýlik bilen bagly meselede näme üçin ýygnak ýaşulularyndan kömek sorasa gowy bolýar?
-
Ýehowanyň goragynda galmak isleýänler haýsy zatlardan dynmaly?
-
Ýaşulular bilen gürleşensoň Palesa näme etdi?
-
Jyn-arwahlardan goranar ýaly nämeleri edip bilersiňiz?