Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 87—91

Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde galyň

Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde galyň

Ýehowanyň «gizlin ýeri» ruhy taýdan goraýar

91:1, 2, 9—14

  • Şu günler Ýehowanyň «gizlin ýerinde» galmak üçin özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli.

  • Bu ýeri Hudaýa bil baglamaýan adamlar bilmeýär.

  • Ýehowanyň «gizlin ýerinde» galýan adamlaryň Hudaýa bolan imanyna, söýgüsine hiç kim we hiç zat howp salyp bilmeýär.

«Guş awçysy» bizi duzaga düşürjek bolýar

91:3

  • Seresap guşy duzaga düşürmek kyn.

  • Guş awçysy guşlaryň aýratynlyklaryny ünsli öwrenip, olary tutmak üçin duzaklary oýlap tapýar.

  • «Guş awçysy» Şeýtan Hudaýyň halkyny synlaýar we olara ruhy taýdan zyýan ýetirmek üçin duzaklary gurýar.

Şeýtan ölüme eltýän dört duzagy ulanýar:

  • Adamdan gorky

  • Baýlyga kowalaşmak

  • Erbet göwün açmalar

  • Agzalalyk