Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň — Okuw geçýäne özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek ediň

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň — Okuw geçýäne özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek ediň

BU NÄME ÜÇIN WAJYP? Okuw geçýän adam Ýehowany razy etmek üçin özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli (1Pt 3:21). Özüni Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşaýan adam ruhy taýdan goragda bolýar (Zb 91:1, 2). Mesihçi özüni adama, işe ýa gurama däl-de, Ýehowa bagyş edýär. Şonuň üçin okuw geçýän adam Hudaýa bolan söýgüsini we minnetdarlygyny artdyrmaly (Rm 14:7, 8).

MUNY NÄDIP ETMELI?

  • Okuw geçýän wagtyňyz gyzyklanýan adamdan Ýehowa barada näme bilendigini soraň. Mukaddes Ýazgylary her gün okamagyň we «hemişe» doga etmegiň wajypdygyny nygtap geçiň (1Sl 5:17; Ýak 4:8).

  • Okuw geçýäni özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek ýaly ruhy maksatlary goýmaga höweslendiriň. Şeýle-de oňa ýygnaklara gatnaşmak, goňşularyna we işdeşlerine wagyz etmek ýaly gysga wagtly maksatlara ýetmäge kömek ediň. Ýehowa hiç kimi özüne gulluk etmäge mejbur etmeýändigini unutmaň. Hudaýa özüňi bagyş etmekligi her kimiň özi çözýär (Kant 30:19, 20).

  • Ýehowany razy edip, suwa çümdürilip biler ýaly okuw geçýän adamy özgerişik etmäge höweslendiriň (Sült 27:11). Sebäbi öňki ganyňa siňip giden häsiýetleri we endikleri taşlamak kyn bolmagy mümkin. Şonuň üçin okuw geçýän adama öňki häsiýetlerini taşlap, täze hesiýetleri geýinmäge kömek etmeli (Ef 4:22—24). Onuň bilen «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» (rus.) atly makalalardan käbir pikirleri paýlaşyň.

  • Oňa Ýehowa gulluk edip, alýan şatlygyňyz barada gürrüň beriň (Iş 48:17, 18).