Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

Hakykaty öwrediň

Hakykaty öwrediň

«Ýaramly ýaşamak we gulluk. Okuw depderçesine» sentýabr aýyndan başlap, «Hakykaty öwrediň» diýip atlandyrylan wagyz üçin täze teklip giriziler. Biz soraglar we aýatlar arkaly Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň esasy taglymatlaryna üns bereris.

Eger adam gyzyklansa, ony idemek üçin edebiýat goýup ýa-da jw.org saýtyndan wideo görkezip onuň höwesini artdyryp bilersiňiz. Biz birki günüň içinde öňki gürrüňdeşligimizi dowam etmek üçin ikilenç ideg etmeli. Täze teklipler «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyndaky temalara esaslanar. Babyň ahyrynda ikilenç ideg etmek üçin ýa-da okuwy diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly geçirer ýaly goşmaça aýatlar berilýär.

Ýaşaýşa eltýän ýeke täk ýol bar (Mt 7:13, 14). Biz dürli dindäki we medeniýetdäki adamlar bilen gepleşýändigimiz üçin, Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny her bir adama täsir eder ýaly edip aýtmaly (1Tm 2:4). Mukaddes Ýazgylardaky dürli temalara has gowy düşünenimizde we «hakykat sözüni dogry ulanyp», ukyplarymyzy ösdürenimizde, şatlygymyz artar hem-de hakykaty adamlara ökdelik bilen öwrederis (2Tm 2:15).